BIZE YAZYARLAR

Halk maslahatynyň ähmiýeti.

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň we kitaphananyň bilelikde gurnamagynda ”Türkmenistan ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar” atly maslahat geçirildi. Maslahata kitaphananyň hünärmenleri, okyjylar topary, welaýatyň medeniýet we sungat işgärleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, iri jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn  we  köptaraplaýyn görnüşde  dünýäniň döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyga  ygrarlydygy barada şeýlede pederlerimiziň erkinlik, garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi, öz ýurduň hakyky eýesi bolmagy, parahatçylyk we asuda durmuş hakynda eden köp asyrlyk  arzuwynyň  amala  aşandygy, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz  arabaglanyşygyny alamatlandyrýandygy, Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, milli döwlet gurluşynyň binýadyny berkitmek maksady bilen halkymyz gadymy döwürlerden bäri mahsus bolan hakyky demokratik ýörelgelere esaslanýan  milli  ösüş ýoluny saýlap  alandygy, bu ýol  milletimiziň baslygyp ýatan gujur-gaýratyny, ukyp-başarnygyny, durmuşyň ähli ugurlarynda döretmek, gurmak islegini oýarandygy, täzeden galkyndyrandygy, Halk maslahaty biziň edermen halkymyz üçin, jemgyýetimiz  üçin  hem ähmiýetli taryhy waka bolup durýandygy barada gürrüň berdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: