BIZE YAZYARLAR

Halk Maslahaty ― döwletli däpleriň dowamy

Şu günler Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryndan ugur alnyp, Halk Maslahatynyň öňde duran mejlisine işjeň taýýarlyk görülýär. Şeýle hem baş baýramyň şanyna Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýyň eýeleri bolan raýatlarymyz döwlet sylaglary bilen sylaglanar, olara hormatly atlar dakylar.
Hawa, Halk Maslahaty taryhyň synagyndan geçen özboluşly halk geňeşidir. Geçmişde türkmeniň il sylagly ýaşulularydyr han-serdarlary, wekilleri jemlenip, Watanyň ykbalyna dahylly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşypdyrlar, bular babatda belli bir karara gelipdirler. Ata-babalarymyz uly toýlaryň öňüsyrasy geňeş edip, toýy nädip geçirmelidigini, oňa kimleriň beýemçilik etmelidigini kesgitläpdirler. Bu asylly däp häzir döwrebap röwüşde dowam
etdirilýär. Öňde duran umumymilli forum, milli däplere laýyklykda, uly toýuň öňüsyrasyndaky özboluşly geňeş toýy bolar.
Taryha nazar aýlasak, «halk maslahaty», «geňeş», «gurultaý» diýen atlar bilen belli bolan bu ýörelgäniň gadymyýetden gözbaş alýandygyny görmek bolýar. Gadymy we orta asyr Russiýasynda «weçe», türki-mongol halklarynda «gurultaý», musulman döwletlerinde «mejlis», franklarda «mart meýdanlary», skandinaw halklarynda we gadymy germanlarda «ting», Gadymy Gresiýada «ekklesiýa» diýen atlar bilen geňeşmeleriň geçirilendigi taryhy maglumatlardan bellidir.
Mysal üçin, gadymy Afinyda maslahatlar wezipeli adamlary saýlamak, dürli döwlet kanunlaryny kabul etmek, parahatçylygy ýola goýmak, döwlet gaznasyny dolandyrmak, ýurduň daşary syýasatyny kesgitlemek we içerki meselelerini çözmek ýaly wezipeleri amala aşyrypdyr. Bu taryhy mysallaryň ählisi geçmişde Jeýtun, Änew medeniýetlerini döreden, Altyndepe, Parfiýa, Marguş, Seljuk döwletlerini berkarar eden şöhratly eždatlarymyzyň beýleki şadöwletler bilen ysnyşykly gatnaşykda bolup, döwleti dolandyrmagyň kämil tejribesini özleşdirendigini, öz gezeginde, belki, bu institusional gurluşyň hut türkmen topragyndan alyslara ýaýrandygyny görkezýän bolsa gerek.

Aýbölek ORAZOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
talyby.