Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent mertebeli Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallary bilen mähriban Watanymyzyň bilim ulgamynda uly özgerişlikler, ösüşler aýdyň duýulýar. Mähriban hem Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň geljegini bilimli, terbiýeli ýaş nesilde görýär. Hormatly Prezidentimiz: “Ata Watanymyzyň geljegi bolan bilimli, terbiýeli, ýokary ahlakly şahsyýetleri kemala getirmek-bilim ulgamynyň işgärleriniň, mugallymlarynyň, biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr”- diýip belleýär.
Mekdep okuwçylaryny watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olarda ata-Watana bolan çäksiz söygini kemala getirmek möhüm ähmiýetli işlerdir.
Okuwçylaryň sözleýiş dilini ösdürmek, olaryň öz pikirlerini erkin beýan edip bilmeklerini gazanmak türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň möhüm wezipesidir. Şunda halk döredijiliginiň dürdänelerinden peýdalanmak hem maksadalaýykdyr.
Edebiýat sapaklarynda türkmen halk döredijiliginiň dürli görnüşleri öwrenilýär: nakyllaryň, matallaryň, sanawaçlaryň, ýomaklaryň, ertekileriň. Çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmek bilen birlikde olarda mertlik, gaýduwsyzlyk, päk niýetlilik, lebzihalallyk ýaly ynsanperwer häsiýetleri terbiýelemegiň hem ähmiýeti uludyr.
Nakyllar gysgadan çuň manyly jümlelerden düzülýär. Nakyllary toplamak, öwrenmek işleri Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen giň gerime eýe boldy. Biz hem okuw-terbiýeçilik işimizde Gahryman
Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” kitabyndan yzygiderli peýdalanýarys.
Ertekiler çagalaryň iň söýgüli žanrlarynyň biridir. Olar ýaș nesli terbiýelemekde giňden ulanylýar. Türkmen halk ertekileriniň birnäçesi çagalar üçin kitapça görnüșinde çap edildi, olaryň çagalara niýetlenendigi sebäpli, suratlar bilen göwnejaý derejede bezelendir. Ertekiniň birnäçe pursadyna degişli çekilen suratlar ony has-da gyzykly edip görkezýär.
Ertekileriň gahrymanlarynyň ýokary ahlak sypatlary, halallyk, lebizlilik, wepadarlyk we beýleki ynsanperwer häsiýetleri çagalarda uly täsir galdyrýar, olarda șol häsiýetleri ýaşlykdan kemala getirmäge
ýardam edýär. Edebiýat sapaklarynda çagalar bilen ertekide bolup geçýän wakalar, olaryň gahrymanlary barada söhbetdeşlikleri, çekişmeleri hem yzygiderli guramak maksadalaýykdyr. Şonda çaga öz pikirini erkin beýan edip, belli bir derejede sözleýşini hem ösdüryär.
Serdar HAMRAÝEW,
Çärjew etrabynyň 44-nji orta mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy.