Halk döredijiligi we wäşilik
Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan baý taryhymyz we edebiýatymyz bolan halk döredijilik eserlerine juda baýlygy bilen tapawutlanýar. Halk döredijiligi öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Taryhy geçmişimizden häzirki ýagty geljegimize ak daň bolup dogan bu eserler nesiller üçin özboluşly kämil mekdepdir. Ata-babalarymyzyň akyl eleginde elenen halk döredijiligi özüniň pähim paýhasa ýugrulan terbiýeleýjilik ähmiýeti bilen nesilleriň ýakyn maslahatçysy bolup hyzmat edipdir. Pederlerimiz her bir döwletli işiň başyny tutanlarynda, maşgala mukaddesligini gorap saklamakda, perzent terbiýelemekde… bu edebi mirasyň hazynasyna salgylanypdyrlar. Olar türkmen halk döredijiliginiň öwüt-ündewliligi, çuň many-mazmunlylygy bilen ösüp barýan ýaşlaryň aňyna halallygy, ynsanperwerligi, doruçyçyllygy, ahlaklylygy, ulyny sylap, kiçä hormat goýmagy, wepadarlygy, inçeden duýmaklygy, watançylygy, ar-namyslylygy … siňdirip bilmegi başarypdyrlar. Şonuň üçinem türkmenleriň maşgala
gatnaşyklarynda, gündelik durmuş ýörelgelerinde, süňňünde we ruhunda milli mirasymyzyň dürdäneleri aýratyn orun tutýar.
Halk döredijiligi özünde liriki, epiki, liro-epiki žanrlary jemleýär. Ýeri gelende bellesek, olar hem öz içinde birnäçe toparlara bölünýär. Şolaryň arasynda epiki žanra degişli bolan şorta sözlerdir degişmeler hem-de ýomaklar özüne çekijiligi, gyzyklylygy, gülki arkaly ynsanlary terbiýelemäge ukyplylygy bilen aýratyn tapawutlanýar.
Şorta sözler halk döredijiliginiň giňden ýaýran žanrlarynyň biridir. Olar anektodlaryň aýratynlygyny özünde jemleýär .Hojamyrat Goçmyradowyň ‘’Türkmen halk döredijiligi’’ atly kitabynda belleýşi ýaly ,,Anektod” ýunan sözi bolup, ol aslynda ,,Ýazylmadyk zat, gülküli, ýomakly gürrüň” diýen manyny berýär. Şorta sözler kyssa görnüşinde ýazylyp, täsir ediji gülkili ýumorly gysgajyk hekaýadyr. Şorta sözler Molla Ependi, Ataköpek Mergen, Aldar köse, Kemine… ýaly dilewar, suhangöý adamlaryň atlary bilen baglayşykly döredilipdir. Olarda halkyň içindäki erbet häsiýetli adamlar, ýaňsyly gülki arkly paş edilipdir.
Ýomaklar halk döredijiliginiň özboluşly žanry bolup, ýiti sözli degişme, ýiti sözli aýdyşyk, şorta sözüdir. Ýomaklar, esasan, toý-märekelerde iki sany dilewar adamyň bäsleşik hökmünde garşyma-garşy aýdyşmagy bilen başlanýar. Olar bir zady beýleki zada meňzetmek esasynda döredilip, gysgadan manyly sözleriň jaýdar ulanylýanlygy bilen diňleýjilerde ýakymly täsirleri döredýär. Türkmen halk döredijiligine degişli
ýomaklardan birini mysal getireliň:
Dodagyň gursun, sowuk alan soganyň daşy ýaly.
Görşümiz ýaly, bu ýomakda sorag berilmezden, adamyň bir beden agzasy bolan dodak meňzetme arkaly häsiýetlendirilýär.
Halkyň milliligini özüne siňdiren türkmen halk döredijiligi bolan şorta sözler, ýomaklar bilen birlikde degişmeleriň tapawutly aýratynlygyny açyp görkezmek maksada laýyk gelýär. Degişmeler gyzyklylygy, täsirliligi bilen birnäçe wagtdan bäri halkyň içinde özüniň gymmatyny, güýjüni ýitirmän saklap gelýär. Olar hem toý-märekelerde, köpçüligiň üýşen ýerlerinde söze baý, dilewar adamlar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Degişmeleriň şorta sözlerdir ýomaklaryň arasyndaky umumylyklary bilen bir hatarda birnäçe aýratynlygyny hem ýüze çykarmak bolar. Olar şu aşakdakylardan ybarat:
a) Toý-märekelerde, köpçülikde bir adamynyň ýeke ýerine ýetirmekligi;
b) Gürrüň berilýän wakanyň tankyt etmegi esasynda ýa-da bolşundan has beter öwgä ýykgyn etmegi.
Degişmeleri öz aralarynda iki sany uly taparlara bölmek mümkin.
1. Umumy halky degişmeler
2. Dialektlerdäki, şiwe sözlerindäki dürli degişmeler.
Umumy halky degişmeler, adyndan belli bolşy ýaly, olar halkyň arasyna giňden ýaýrandyr. Şu ýerde umumy halky degişmelerine mysal görkezeliň!
Bir türkmen serhoş halda derýanyň boýunda oturan ekeni. Derýanyň akymy bilen bir rus adamsy hem akyp gelýär eken. Ýaňky rus türkmeniň gabadyna ýetip:
“-Помогите!” diýipdir. Türkmen onuň sözüne düşünmän:
-Rusça öwrenýänçäň, ýüzmäni öwren – diýip jogap berýär.
Dialektlerdäki, şiwe sözlerindäki dürli degişmeler şiweleriň öz içinde giňden meşhurlyga eýe bolan degişmelerdir. Olar toý-märekelerde örän işjeň ulanylýar. Şol degişmelerden bir parça belläp geçeliň.
Gelin geledi (gelýär) läle gül deý,
Her gözleri pyýala (käse) deý,
Salamy ýok. Elegi ýok (älegi ýok),
Goşa goşlan juwana (öküz) deý .
Ýokarda bellenen degişme gelin gelen pursatynda aýdylýan degişme. Ol özüniň gyzyklylygy, täsirliligi bilen märekäni özüne çekýär.
Degişmeler hem şorta sözlerdir ýomaklar ýaly ene dilimiziň gymmatly söz goruny baýlaşdyrmakda, edebi dilimiziň ösmeginde örän uly ähmiýete eýedir.
Baýramgeldiýew Süleýman,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň türkmen dili we
edebiýaty fakultetiniň IV ýyllyk talyby.