BIZE YAZYARLAR

Halk bähbitli tutumlar

«Saglygym — begligim», «Bar zadyň sakasy saglyk» diýip, ähli ugurda baý tejribelerini, ýagşy durmuş ýörelgelerini miras goýup giden ata-babalarymyz sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmagy bahasyz baýlyk hasaplapdyrlar. Şeýle asylly ýol-ýörelgeleriň Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýändigi ählimizi diýseň buýsandyrýar.
Paýtagtymyzda köpugurly hassahananyň gurluşygyna badalga bermek dabarasy biz — lukmanlar hem-de tutuş halkymyz üçin ajaýyp sowgada öwrüldi. Bu hassahana keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri özünde jemlemek bilen, saglygy goraýyş ulgamynda örän uly ähmiýete eýe bolar. Eziz Diýarymyzda şeýle desgalaryň yzygiderli gurulmagy «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny mundan beýläk hem üstünlikli durmuşa geçirmäge, «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanda
lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny», «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» göwnejaý amala aşyrmaga ýakyndan ýardam berýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýen sözleri bu günki buýsandyryjy wakalar bilen utgaşyp, kalbymyzda aýratyn ýakymly duýgulary döretdi. Goý, berkarar döwletimizi gülläp ösüşiň täze belentliklerine çykarýan, halkymyzyň saglygyny, ýaşaýyş-durmuşyny ähli zatdan ileri tutýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň belent başlary hemişe aman bolsun!

Gülbahar ŞEPAROWA,
Saýat etrap hassahanasynyň 19-njy saglyk öýüniň maşgala lukmany.