BIZE YAZYARLAR

Halal zähmet — Watana gulluk etmegiň belent nusgasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halal zähmetiň sarpasy belende göterilýär. Daýhanlaryň, kärendeçileriň, pileçileriň, pagtaçylaryň we beýleki zähmet adamlarynyň gazanýan üstünlikleri Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň bolelin durmuşynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant bolup goşulýar.
Lebap welaýatynyň ýüpekçileriniň şu ýyl Watanymyzyň kümüşsöw çäjine 1010 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi hem şeýle buýsançly zähmet ýeňişleriniň biridir. Bu üstünlikde müňlerçe kärendeçiniň yhlasy, tejribesi, tutanýerli zähmeti jemlenýär. Pileçilik sabyrlylygy, ünsli garaşygy we jogapkärçiligi talap edýän pudakdyr. Şonuň üçin bu ugurda gazanylýan her bir netije zähmet adamsynyň gaýratynyň aýdyň beýanydyr.
Harby gullukçy hökmünde biz hem Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň, ykdysady howpsuzlygynyň, döwlet bähbitleriniň goragynda durýarys. Ýurdumyzda döredilýän parahatçylykly, durnukly, asuda durmuş zähmet adamlarynyň döredijilikli işlemegine giň ýol açýar. Daýhanlaryň meýdandaky zähmeti bilen harby gullukçylaryň gullugy bir beýik maksada — Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkemegine hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi, zähmet adamlary üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi, halal zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanylmagy jemgyýetimizde ruhubelentligi has-da artdyrýar. Annagül Penjiýewa ýaly zähmetsöýer kärendeçileriň ýokary netijeleri ýaşlar üçin hem görelde mekdebidir. Olaryň durmuşy bize bir hakykaty ýene bir gezek ýatladýar: Watany söýmek diňe sözde däl, eýsem, her kimiň öz ornunda halal we yhlasly zähmet çekmeginde aýdyň görünýär.
Goý, eziz Diýarymyzda zähmet ýeňişleri rowaçlyklara beslensin! Watanymyzyň rysgalyna rysgal goşýan zähmet adamlarynyň abraýy elmydama belent bolsun!

Ahally ÝAGMYROW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.