Halajyň nah ýüplük egriji fabriginde 116% ösüş gazanyldy

Halajyň nah ýüplük egriji fabriginde ýylyň başyndan bäri önümleriň manat hasabyndaky mukdary meýilleşdirileninden 1,5 esse kän boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. 

Kuwwatly kärhanada ýylyň başyndan bäri nah ýüplügiň 4900 tonnadan gowragy öndürilip, içerki we daşarky bazarlara ýerlemegiň hasabyna 50 million manatdan gowrak girdeji alyndy. Şeýlelikde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm görnüşinde 116, manat görnüşinde 130 göterim ösüş gazanyldy. Has takygy, şu ýyl öndürilen önüm geçen ýyldakydan 700 tonna golaý köpdür. Fabrikde öndürilýän nah ýüplük Eýran, Ermenistan, Polşa, Russiýa, Türkiýe ýaly döwletlere eksport edilýär.

Adblock
detector