YKDYSADYÝET

Halajyň kärhanasynda öndürilýän önümler daşary ýurtlara ugradylýar

 Halajyň nah ýüplük egriji fabriginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli nah ýüplükleri öndürmekde uly netijeler gazanylýar.   Kärhananyň işgärleriniň zähmeti netijesinde bu ýerde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda gymmatly önümiň 2 müň 174 tonnasy öndürildi.

Fabrikde önümçilik awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar.  Fabrikde Germaniýanyň “Trüçler”, Şweýsariýanyň “Reiter” kompaniýalarynda öndürilen ýokary öndürijilikli egriji maşynlaryň bökdençsiz işledilmeginiň netijesinde her günde 14-16 tonna nah ýüplük öndürilýär.

 Önümçilik üçin zerur bolan çig mal bolsa pagta arassalaýjy kärhanalaryndan getirilýär. Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligine degişli bolan, 2005-nji ýylda doly güýjünde işe başlan bu fabrikde öndürilýän dürli belgili nah ýüplükler gysga wagtyň içinde geçginli harytlaryň sanawynda öz mynasyp ornuny tapdy.

 Bu önümler häzirki wagtda Türkiýe, Polşa, Eýran, Ermenistan, Özbegistan, Russiýa ýaly ýurtlara yzygiderli eksport edilýär. Geçen ýarym ýylda-da fabrikden 1044 tonna önüm eksporta ugradyldy.