YKDYSADYÝET

Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynda haly öndürilişi artýar

Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynda ýylyň başyndan bäri dürli görnüşli haly we haly önümleriniň 15 million 68 müň 325 manatlygy taýýarlanyldy.

Halyçylar bu görkezijini has-da artdyrmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Türkmen milliligini şöhlelendirýän dürli reňkli nepis halylara islegler barha artýar. Kärhanada dokalan halylar Türkmenistanyň ministrliklerini, kärhanalarynyň, edaralaryň, medeniýet öýleriniň jaýlaryny bezeýär. Bu ýerde ýyl buýurma laýyklykdada göwrümi 50 inedördül metr bolan uly haly dokaldy.

Kärhanada häzir iki müň üç ýüzden gowrak hünärmen zähmet çekýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: