Halaçly zenan üstünlikli zähmet çekýär
Halaç etrabynyň «Çohpetde» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Güljemal Allakulyýewa 28 ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýar.
Ol Hasyl toýunyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.
Güljemal Allakulyýewa diňe bugdaýdan bol hasyl almak bilen çäklenmän, şol bir wagtyň özünde ýüpek gurçugyny idetmekde hem obadaşlaryna görelde görkezýär. Şu oba hojalyk ýylynda 70 gram ýüpek gurçugyny idedip, 243 kilogram 800 gram ýokary hilli pile tabşyrmagyň hötdesinden geldi.
Ýeri gelende belläp geçsek, ol 1988 — 1991-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde orta hünär tehniki okuw mekdebinde bagçylyk-seýilgäh hojalygy ugry boýunça okap, ýörite bilim alan hünärmenleriň biridir.