Halaçly şalyçy her gektardan 62 sentnerden hasyl tabşyrdy
Halaç etrabynyň «Güýçbirleşik» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Bazar Jumaýew
hem özüniň halal, göreldeli zähmeti bilen obadaşlaryna özüni tanadan
daýhanlaryň biri.
Bu barada «Bereketli toprak» gazetinde habar berilýär.
Ol eýýäm ençeme ýyldan bäri 3 gektar ýere şalynyň «nöküs» görnüşini ekip
gelýär. Bazar häzirki wagtda her gektardan 62 sentnerden hasyl alyp, Watan
harmanyna jemi 18 müň 600 tonna şaly tabşyrdy. Bu maksada ýetmek üçin
bolsa ol gije-gündizini gaýgyrman zähmet çekýär.