Halaçly şahyr, publisist, terjimeçi Akmyrat Hojanyýazowyň ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Halypalary gören gözlerim» atly kitaby çap edildi.
Saldamly kitaba şahyryň soňky ýyllarda ýazan edebi makalalary, ýaş galamdaşlaryna maslahatlary, olaryň sowallaryna jogaplary, şeýle-de onuň öz döredijiligi dogrusynda halypalary, galamdaşlary, şägirtleri, okyjylary tarapyndan aýdylanlaryň bir bölegi girizilipdir.
Täze kitap diňe bir çeper sözüň muşdaklary üçin däl, eýsem, ýaş döredijiler, žurnalistler, edebiýatçylar we dilçiler, bu ugurlardan bilim alýan talyplar üçin hem juda gymmatlydyr.
Halaçly şahyryň ýatlamalar kitaby çapdan çykdy
03
Oct
