Halaçly kärendeçi Daýanç Hezretgulyýew diňe bugdaýçylykda däl, eýsem, beýleki oba hojalyk işlerinde hem tapawutlanýar. Maşgala agzalary bilen bilelikde ýüpek gurçugyna ideg edip, 30 gramlyk ýüpek tohumyndan 121 kilogram pile öndürmegi başardylar. Munuň özi oba hojalyk pudagynyň
köpugurly ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ol şeýle üstünlikleriň hemmesini döwletimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň miwesi hökmünde nygtaýar.
Daýhanlaryň yhlasly zähmeti ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Häzirki günler bolsa olaryň öňünde täze möwsüm — bugdaý ekişi garaşýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen badalga beriljek bu möwsümde
daýhanlaryň halal zähmeti bilen ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygynyň berkidiljekdigine uly ynam bildirilýär. Şeýle joşgunly zähmet ruhy ýurdumyzyň oba hojalyk ösüşleriniň möhüm ýörelgesine öwrülýär.
Halaçly pileçiniň zähmeti kärdeşlerine-de görelde bolýar
21
Aug
