UNCATEGORIZED

Halaçly pagtaçylar şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdi

Halaç etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçiler topary berkidilen 140 gektar meýdanyň 113,6 gektaryna gowaçanyň «Ýolöten-39» görnüşini ekip, gowy netijeleri gazandy.
Kärendeçileriň ählisi hem döwlet harmanyna bereketli gowaça hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdi.
Olardan Ogulbeg Jumagulyýewa 12 gektar gowaça meýdanyndan 42 tonnanyň deregine 56 tonnadan gowrak hasyl tabşyryp, ýokary netije gazandy. Tejribeli daýhan Mergen Hatamow 13 gektar gowaça eken ýerinden 48,5 tonna golaý hasyly ýygnap, şertnamalaýyn borçnamasyny 106, 30 göterim berjaý etdi. Kärendeçi Badam Hatamowa hem möwsüme özüniň mynasyp goşandyny goşdy. Ol 11 gektar kärende ýerinden 39 tonna gowaça hasylyny döwlet harmanyna tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: