Halaç etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Şageldi Ýabanow Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň düzüminde 5-6-njy oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň Nukus şäherinde geçirilen halkara foruma gatnaşdy.
Goňşy döwletiň Mekdebe çenli we orta bilim ministrliginiň gurnamagynda geçirilen pedagoglarynyň halkara forumyna sebitiň döwletleriniň bilim edaralaryndan, halkara guramalardan hem-de dünýäniň birnäçe abraýly bilim merkezlerinden wekiller gatnaşdylar .
Forumyň açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda sebitiň ýurtlarynyň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlarda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we häzirki zaman bilim usullaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy .
Forumyň dowamynda, halaçly mugallym ähli gatnaşyjylar bilen bilelikde duşuşyklara, taslamalaryň tanyşdyrylyşyna hem-de medeni maksatnamalara gatnaşdylar.
Türkmenistanyň wekilleriniň bu halkara foruma gatnaşmagy ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösdürilmeginde halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna, dünýä tejribesiniň öwrenilmegine we täze başlangyçlaryň ornaşdyrylmagyna hyzmat eder.
Halaçly mugallym pedagoglaryň halkara forumyna gatnaşdy
07
Oct
