Halaç etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Annagözel Jumageldiýewa «Ýylyň mugallymy ― 2026» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda birinji orny eýeläp, Lebap welaýatynyň iň gowy mugallymy hökmünde ykrar edildi. Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdepde geçirilen bäsleşige deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan mugallymlar gatnaşyp, olaryň usulyýet we ylmy işleri, hünär ussatlygy hem-de ukyp-başarnyklary seljerildi.
Netijede, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň biologiýa mugallymy Aman Berdimyradow bilen Çärjew etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymy Enejan Ereşowa ikinji orna mynasyp boldular. Şeýle-de Saýat etrabyndaky ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň matematika mugallymy Aýsoltan Amanmedowa, Darganata etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Dilşat Ýaraşowa hem-de Dänew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň rus dili mugallymy Tatýana Ýewdokimowa üçünji orny eýelediler. Bäsleşigiň ýeňijilerine welaýat baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Halaçly mugallym Lebabyň iň gowy mugallymy hökmünde ykrar edildi
04
Apr

