Halaçly mehanizator Baýram Hudaýberdiýew 15 ýyldan gowrak wagt bäri galla oragyna gatnaşyp gelýän ussat kombaýnçydyr. Ol 2011-nji ýylda «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynda işe başlan gününden bäri bugdaý we şaly ýaly däneli ekinleriň hasylyny ýokary netijelilik bilen ýygnap gelýär. Şu ýyl onuň «CLAAS» kysymly kuwwatly kombaýny arkaly ýygnan bugdaý meýdany 621 gektara
ýetip, geçen ýyldakydan 7 gektar köp boldy.
Zähmetsöýer mehanizator halal işlemegiň we wagtlaýyn däl, dowamly üstünlik gazanmagyň nusgasyny görkezýär. Kärendeçileriň hormatyny gazanan Baýram her möwsüm 550–600 gektar meýdanyň hasylyny zaýasyz ýygnap, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşýar.
Halaçly kombaýnçy 600 gektardan gowrak ýerde bugdaý oragyny geçirdi
15
Aug
