JEMGYÝET

Halaçly kärendeçi baýramçylygy zähmet sowgatlary bilen garşylaýar

 Lebap welaýatynyň pagtaçy kärendeçileriniň aglabasy eýýäm döwlete pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, Garaşsyzlygyň sanly 33 ýyllyk toýuny zähmet sowgatlary bilen garşylaýar. Şolaryň biri hem Halaç etrabynyň ýaşaýjysy, ;Watana bolan söýgüsi üçin; medalynyň eýesi, zähmet weterany Penji Rozyýewdir. Elli bäş ýaşy arka atan kärendeçiniň bu saýlan ýoly we toplan tejribesi oňa rysgal-bereket, il içinde at-abraý getirdi.   Ol häzirki wagtda Jumaguly Mähremow adyndaky daýhan birleșiginiň çägindäki 3 gektar pagta ýerinden dokuz tonna golaý ak altyn; ýygnamagy başardy. Meýilnama boýunça 7 tonna 300 kilogram pagta tabşyrmaly Penji Rozyýew bu üstünlige özüniň toplan tejribesiniň hem irginsiz zähmetiniň netijesinde ýetmegi başardy.

           Halypa kärendeçiniň pagtadan başga-da daýhan birleşiginiň çäginde 10 gektar bugdaý ýeri hem bar. Bugdaýdan hem geçen ýyl 29 tonna hasyl alyp, şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý eden kärendeçi häzirki günlerde bugdaý ýerinde ekiş geçirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: