«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda täzeçillik girizilip, ýörite buýurmalar esasynda üýtgeşik ölçegli trapesiýa görnüşli halylar dokalyp başlandy. Hususan-da, «Altyn» hojalyk jemgyýetiniň buýurmasy bilen meýdany 36,67 inedördül metr bolan, ak reňkli ýerlige «guşly göl» salnan uly haly, şeýle hem «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy üçin 10,45 inedördül metrlik meňzeş gölli haly taýýarlanylýar. Bu täsin halylaryň her inedördül metrine 314 müň 112 çitim çitilip, olar ýokary hilli dokalyşy bilen tapawutlanýar.
Kärhanada döwrebap buýurmalar bilen bir hatarda, gadymy ähenli halylaryň dokalmagyna-da uly üns berilýär. Häzirki wagtda ussat halyçylar tarapyndan ini 2, boýy 3 metr bolan «Eňsi halylaryň» ikisi dokalýar. Ýörite niýetlenip taýýarlanylýan bu halylaryň ählisinde diýen ýaly ärsary halylaryna mahsus bolan gadymy nusgalara we owgan halylarynyň göllerine giň ýer berilýär, bu bolsa dokalýan gymmatlyklaryň taryhy we çeperçilik bahasyny has-da artdyrýar.
Halaçly halyçylar ýörite buýurmalar esasynda trapesiýa görnüşli halylary dokaýarlar
16
Jan
