Halaç etrabynyň Surh geňeşliginiň Surh obasynda ýaşaýan Ogulhajat ene ömrüniň 106-njy baharyny garşylady. Zeýhun ýakasynyň iň ýaşuly ýaşaýjylarynyň biri bolan bu ene ömrüni oba hojalyk işlerine bagyşlap, 12 perzendi terbiýeläp ýetişdirdi. Onuň iň uly gyzy Täzegül ejäniň ýaşy 80-e golaýlap barýar.
Ogulhajat enäniň nesil daragty uly bolup, takyk däl maglumatlara görä, onuň 50-den gowrak agtygy, 150-den gowrak çowlugy we 45-den gowrak ýuwlugy bar. Enäniň aýtmagyna görä, ol uruş ýyllarynyň kynçylyklaryny başyndan geçirip, häzirki wagtda uly maşgala bolup, milli mirasymyzy we edep kadalaryny ýaş nesillere öwretmek bilen meşgullanýar. Mährem ene oba ýaşaýjylarynyň arasynda uly hormatdan peýdalanyp, agtyk-çowluklary üçin nusgalyk mekdep bolup hyzmat edýär.
Halaçly ene 106-njy baharyny garşylady
07
Mar

