Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda zähmet çekýän doganlar Zylyha Ýazmedowa, Bibi Akmuhammedowa we Gurbangül Ýazmedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň eýeleridir. Halyçylyk senedine ömürlerini bagyşlan bu üç doganyň köpýyllyk zähmeti kärhanada halypa-şägirtlik ýörelgeleriniň berkemegine, ýaş halyçylaryň hünär tejribesiniň baýlaşmagyna ýardam berýär. Zylyha Ýazmedowa ýarym asyra golaý wagt bäri halyçylyk pudagynda işläp, 2010-njy ýyldan bäri kärhanada gözegçi wezipesini ýerine ýetirýär. Ol halylaryň hil derejesiniň ýokary bolmagyna, sargytlaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine we ýaşlaryň hünäre ugrukdyrylmagyna gözegçilik edýär.
Zylyha Ýazmedowanyň halypalyk etmeginde trapesiýa we nal görnüşli, «guşly göl», «beşir göli», «derweze göli», «lebap göli», «oňurga göli» ýaly gadymy göller salnan halylaryň ençemesi dokaldy. Onuň dokamaga gatnaşan iň uly halysynyň meýdany 20 inedördül metre, iň kiçisi bolsa 1 inedördül metre barabardyr. Zylyha Ýazmedowa 2008-nji ýylda «Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy, 2013-nji ýylda bolsa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp boldy. Onuň şägirtlerinden Gülälek Wellekowa hem «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen ada eýe boldy, Aýgül Möwlamowa, Ogulmyrat Kullyýewa dagy bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri boldular.
Halaçly doganlaryň üçüsi hem «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen adyň eýesi boldular
30
May

