Ýurdumyzda oba hojalygy pudagyna döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler daýhanlarymyzda joşgunly zähmet ruhuny pugtalandyrýar. Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Daýanç Hezretgulyýew hem şeýle döredilen şertlerden peýdalanyp, ak topraga yhlas bilen hyzmat edýän daýhanlaryň biridir. Ol kakasyndan miras alan ekerançylyk
endikleri bilen 14 ýyldan bäri bugdaý we gowaça ekinlerinden ýokary hasyl alyp gelýär. Daýanç aga ýaş nesillere-de ussatlyk mekdebini görkezýär.
Kärendeçi daýhan geçen möwsümde 10 gektar ýerden her gektara 43 sentnerden bugdaý hasylyny aldy. Netijede, ol 43 tonnadan gowrak gallany Watan harmanyna tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamasyny 153 göterim ýerine ýetirdi. Şeýle üstünlikli görkezijiler ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň berkidilmegine mynasyp goşant bolup hyzmat edýär. Onuň aýdyşy ýaly, döwlet
tarapyndan berilýän tehniki we serişdeler kömegi daýhanlaryň güýjüne güýç, zähmetine bolsa täze höwes berýär.
Halaçly daýhan 14 ýyldan bäri ekinden ýokary hasyl alyp gelýär
21
Aug
