YKDYSADYÝET

Halaçdaky süýt önümçiliginde agramy 1 tonna ýetýän sygyrlar idedilýär

Türkmenabatly hususyýetçi Ýusup Nowruzow Halaç etrabynyň «Pelwert» daýhan birleşiginiň çäginde süýt önümçiligini ýola goýdy. Ilkibaşlarda az, ýöne işe meşgullandygysaýyn köp mukdarda önüm öndürip başlady. Ýusup önümçilikde soňky ýyllaryň hersine 150 tonna çemesi süýt düşýändigini aýdýar.
Elýeterli bahadan öz hyrydarlary gelip äkidýärler.
Hyrydarlaryň arasynda azyklyk önümleri bilen tutuş ýurdumyzda tanalýan meşhur hususy kärhanalaryň 2-si bar. Ýusubyň öndürýän süýdi azyklyk önümleriň dürli görnüşlerinde ulanylýar. Özi hem ýokary hili bilen tapawutlanýar, terligine ulanyljak ýerine eltilýär.
—Halaç etrabynyň «Pelwert» daýhan birleşiginiň çägindäki maldarçylyk hojalygynda öz işimi ýola goýup, goldstein, simmental ýaly bol süýtli, saýlama görnüşli sygyrlardan getirdim. Işiň şu görnüşi bilen meşgullanyp ugradym welin, işlerim ugrukdy ötägitdi — diýip, telekeçi welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berdi. —Täze doglan göleleri saklamak üçin ýörite ýataklary gurduk. Hersi 1 müň tonna silos taýýarlaýan desgalaryň 2-sini döretdik. Maldarçylyk hojalygynyň çäginde ot-iým goruny döretmegiň ugruna çykdym. Mekgejöwen, ýorunja we beýleki ot-iýmlik ekinleri ekip, mallaryň otuny-suwuny ýetirip
durdum. Häzirki günde mallarymyzyň sany 70-den geçýär.
Onuň sagymlyk sygyrlarynyň asyl watany Şweýsariýa hasaplanylýar, XX asyrda Russiýa getirilen, biziň howa şertlerimize çalt uýgunlaşýan sygyrlaryň simmental görnüşinden edindi. Göwnejaý ideg edilende, bu sygyrlaryň agramy 500 — 700 kilograma ýetýär, käte 1 tonnadan geçýär.