JEMGYÝET

Halaçdaky maldarçylyk hojalygy owlak-guzy möwsümine taýýarlykly barýar

Halaç etrabynyň «Garagum» maldarçylyk hojalygynda gyş paslyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Hojalygyň öri meýdanlary etrap merkezinden 150 kilometr uzaklykda ýerleşip, bu ýerde goýun sürüleriniň 23-si gyşladylýar. Umuman alanyňda, hojalykda 6667 baş dowar bar bolup, olar 23 kärendeçi çopana paýlanylyp berildi. Maldarlar tarapyndan gyş möwsüminde mallary dok we ýyly saklamak maksady bilen 421 tonna ot-iým gorunyň taýýarlanylandygy mälim edildi.
Hojalykda geçen ýylda ene goýunlaryň 100-sinden 102 guzy alnyp, meýilnama 102 göterim berjaý edildi. Täze, 2026-njy ýylyň ilkinji günlerinden başlap, dowarlary ýyly kaşarlarda gyşlatmak we sowuk howalarda pena ýerlerde bakmak işleri dowam etdirilýär. Hojalykda ýetip gelýän owlak-guzy almak möwsümine taýýarlyk görülip, bahar aýlarynda ene goýunlaryň 100-sinden 105 guzy almak meýilleşdirilýär. Goýun sürüleri «Borjak», «Magtymguly», «Bükri», «Gaýaly baba» we «Garatagan» guýularynyň töweregindäki ýaýlalarda bakylýar.