Halaç etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň 9-njy kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Gurbanmyrat Jumaýew oba hojalygynda köp ýyllyk iş tejribesine eýedir. Ol 1998-nji ýylda hojalygyň 12-nji kärendeçiler toparyndan 5 gektar ýer kärendesine alyp, gowaça ekişini alyp bardy. Kärende ýerinde maşgala agzalary bilen bilelikde işläp, agrotehniki çäreleri doly ýerine ýetirdi hem-de her ýyl şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdi. 2006-njy ýylda onuň tejribesi we iş başarnygy göz öňünde tutulyp, «Lebap» daýhan birleşiginiň 9-njy kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenildi.
Toparyň ýolbaşçysy hökmünde ilkinji ýylynda gowaça ekilen meýdanlaryň her gektaryndan hasyllylyk 28 sentneriň deregine 32 sentnere, bugdaý ekilen 70 gektar meýdanyň her gektaryndan bolsa meýilnamadaky 23 sentneriň deregine 30 sentnere ýetirildi. Soňky ýyllarda hem topar boýunça gowaça we bugdaý hasyly yzygiderli ýokarlandy. Geçen ýyl bugdaýyň her gektaryndan 40 sentner, gowaçanyň her gektaryndan hem 40 sentner hasyl alyndy. 2026-njy ýylda topar boýunça 64,4 gektar meýdana bugdaý ekilip, her gektardan 45 sentner hasyl almak meýilleşdirilýär. Gurbanmyrat Jumaýew 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý nyşany bilen sylaglandy.
Halaçdaky kärendeçiler topary ýene ýerden bol hasyl almagy meýilleşdirýär
24
Jan
