Halaçdaky hojalykda pagta we bugdaý meýilnamasy artygy bilen berjaý edildi
«Lebap» daýhan birleşigi Halaç etrabyndaky 15 daýhan birleşigiň içinde iň öňdebaryjy hojalyklaryň biridir. 2024-nji ýylda hojalyk boýunça jemi ekilen 1558 gektar gowaçadan 5200 tonnadan gowrak hasyl alyndy. Bu bolsa bellenilen meýilnamadan 396 tonna
köpdür. Galla tabşyrmak boýunça borçnama hem 104 göterim berjaý edildi. Ýagny, bugdaý ekilen 1379 gektar meýdandan 3476 tonna hasyl ýygnaldy. Öz işine ussat pagtaçy kärendeçileriň «ak altyn» öndürmekde bitiren hyzmatlary öwgä mynasypdyr. Olardan Baýram Rejebow, Ogulbeg Jumagulyýewa, Ýusup Ýalkabow gowaçaly meýdanlarynyň her gektaryndan 50 — 60 sentner hasyl alyp, Watan harmanynyň beýgelmegine saldamly goşant goşdular.