JEMGYÝET

Halaçdaky haly kärhanasynda baýramçylyk dabarasy geçirildi

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny guradyk. Halypa halyçylar, eli çeper gelin-gyzlar we mekdep uçurymlary baýramçylyk çäresiniň arzyly myhmanlary boldular.

Dabaranyň dowamynda tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýan türkmen halylarynyň gözelligi hakda gürrüň edildi we halyçylara bagyşlanylan aýdym-sazlar diňlenildi. Şeýle-de kärhananyň işgärleri nepisligi we gadymylygy bilen biri-birinden tapawutlanýan haly gölleriniň döreýiş we ýaýraýyş taryhy barada täsin rowaýatlary gürrüň berdiler.

Dabaranyň dowamynda halypa halyçylar, kärhananyň öňdebaryjylary baýramçylyk sowgatlaryna hem mynasyp boldy. Soňra dabara gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergide gelin-gyzlaryň ýiti zehinini, umyt-arzuwyny siňdirip dokan nepis halydyr haly önümlerini synladylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: