YKDYSADYÝET

Halaçdaky fabrigiň eksport kuwwaty artýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022–2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda ýeňil senagaty ösdürmek, dokma pudagynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenýär. Bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigine Halaç etrabynyň nah ýüplük egriji fabriginiň gazanýan netijeleri aýdyň şaýatlyk edýär. Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda bu ýerde
2042,9 tonna ýüplük öndürilip, meýilnama 59,9 göterim ýerine ýetirildi.
Önümleriň esasy bölegi Türkiýä, Özbegistana we Russiýa eksport edildi.
Fabrikde Germaniýanyň «Trüçler» hem-de Şweýsariýanyň «Reiter» kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli enjamlary işledilýär. Şeýle tehnologiýalaryň netijesinde her gün ortaça 14–16 tonna ýüplük öndürilýär. Fabrigiň öndürýän önümleri diňe üç ýurduň däl, eýsem Ermenistan, Polşa,
Eýran ýaly ýurtlaryň bazarlarynda hem uly islegden peýdalanýar. Geçen ýylda daşary ýurtlara eksport edilen ýüplükleriň möçberi 1044 tonna deň boldy.