JEMGYÝET

Halaçdaky döredijilik öýünde ýaşlaryň 50-ä golaýyna halyçylyk sungaty öwredilýär

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümini has-da gyzykly, täsirli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen Halaç etrap çagalar we ýetginjekler döredijilik öýi tarapyndan giň gerimli işler guralýar. Bu bilim ojagynyň ýanyndaky halyçylyk gurnagyna ýaşlaryň 50-ä golaýy gatnaýar. Tejribeli gurnak ýolbaşçysy Hatyja Şirowa gurnak agzalaryna türkmen halyçylyk sungatynyň döreýiş taryhy, haly gölleriniň we nagyşlarynyň aýratynlyklary barada gyzykly gürrüň berýär.

Şeýle hem ýaşlara haly dokamagyň inçe tärlerini öwredýär. Hatyja Şirowanyň şägirtleri dürli bäsleşiklere hem gatnaşdyrylýar. Ýaňy-ýakynda gurnak agzasy Leýli Rüstemowa «El hünäri — il gezer» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynda birinji orny eýeläp, baş baýraga mynasyp boldy. Ol şu bäsleşigiň döwlet tapgyrynda bolsa höweslendiriji baýrak bilen sylaglanyldy. Halyçylyk gurnagyna gatnaýan ýaşlaryň her güni şeýle täsirli pursatlara beslenýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: