Halaçdaky daýhan birleşiginde 4,5 müň tonna «ak altyn» hasylyny almak meýilleşdirilýär
Halaç etrabynyň Jumaguly Mähremow adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçylary ýylyň-ýylyna gowaçanyň bol hasylyny kemala getirýärler. Olar geçen ýyl hem 1380 gektar meýdandan 4285 tonna derek 4501 tonna «ak altyn» ýygnadylar.
Hojalygyň pagtaçylary şu ýylyň hasylynyň düýbüni hem ykjam tutdular. Olar 1380 gektar meýdana gowaça ekip, şondan meýilnamada görkezilen 4284,9 tonna derek 4500 tonna «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler.
Hojalykda gowaçalaryň hatar aralaryny bejermekde we iýmitlendirmekde tehnikalaryň 15-den gowragy bökdençsiz işledilýär.