Halaç etrabynyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda körpelere döredilen şertler ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil üçin edilýän beýik aladanyň ýüze çykmasydyr. Şeýle mekdebe çenli terbiýe edaralarynyň 13-si, şahamçalarynyň bolsa 15-si hereket edip, olarda 2918 körpe terbiýelenýär. Ýokary derejeli
terbiýeçiler olaryň her biriniň sagdyn, giň düşünjeli hem-de döredijilikli şahsyýet bolup ýetişmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.
Halaç etrabynyň 13-nji çagalar bakja-bagynda işleriň guralşy aýratyn göze ilýär. Bu ýerde sport meýdançalary, suratlar, oýnawaçlar bilen bezelip, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge mümkinçilik döredilýär. Terbiýeçiler toparlar boýunça dürli çäreleri geçirip, körpeleriň okamagy, ýazmagy öwrenmegine, Watana söýgi bilen ýetişmegine gönükdirilen işlere aýratyn ähmiýet berýärler.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň terbiýesine edýän aladalaryna ýerli derejede mynasyp işler bilen jogap berilýär.
Halaçdaky 13 çagalar bagynda 3 müňe golaý çaga terbiýelenilýär
04
Sep

