MEDENIÝET

Halaçda ýylyň adyna bagyşlanan dabara geçirildi

Halaç etrap häkimliginde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip
atlandyrylmagyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen, «Parahat ilimiz asuda durmuşda»
atly dabaraly maslahat geçirildi. Ony etrap häkimligi syýasy partiýalaryň we iri jemgyýetçilik
guramalarynyň ýerli edaralary bilen bilelikde geçirdiler.
Maslahata medeniýet, bilim, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri we ýaşuly nesliň wekilleri
gatnaşdylar. Çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda etrabyň ýaşaýjylarynyň belent maksatlar bilen işleýändiklerini we ýaşaýandyklaryny aýratyn nygtadylar. Şeýle hem ol üstümizdäki ýylyň uly üstünliklere beslenmegi üçin elinden gelen yhlasy gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Dabaraly maslahatyň dowamynda etrabyň sungat ussatlarynyň dürli dillerde ýerine ýetiren
aýdymlary hem ýaňlandy.