Halaçda ýeňil atletika boýunça ýaryş geçirildi
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaşyklarynyň Halaç etrap birleşmesi etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde ýeňil atletika boýunça etrabyň birinjiligini gurady. Etrabyň 2-nji sport mekdebinde geçirilen bu ýaryşlara ýaşlar uly höwes bilen gatnaşdylar.
Ýaryşyň dowamynda türgenler dürli aralyklara ylgamak, päsgelçiliklerden geçmek, uzynlygyna bökmek, ýadro iteklemek boýunça ýaryşdylar. Şeýle-de ýaryşyň dowamynda toparlaryň arasynda estafeta ylgawy guraldy. Gyzgalaňly häsiýete eýe bolan ýaryşyň netijeleri boýunça oglanlardan Perman Döwrangeldiýew, Umyt Agageldiýew, Myrat Rüstemow, Sähet Jumageldiýew, gyzlardan bolsa Ogulsapar Serdarowa we Tumar Asdanoglyýewa ýeňijiler diýlip yglan edildiler.
Ýeňijiler TKA-nyň etrap birleşmesiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.