Halaçda ýeňil atletika boýunça etrabyň çempionaty geçiriler

Etrabyň sport mekdepleriniň türgenleriniň we orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Halaç etrabynda ýeňil atletika boýunça ýerli çempionaty geçirmek meýilleşdirilýär. Ýaryşyň maksatnamasyna ýeňil atletikanyň dürli aralyklara ylgamak, uzynlygyna bökmek we ýadro zyňmak görnüşleri girizildi. Bu barada «turkmensport.com» ýazýar

Ýaryşyň guramaçylary bolup Sport we ýaşlar syýasaty boýunça etrap bölümi, Bilim bölümi we TMÝG-niň etrap Geňeşi çykyş edýär. Ýaryşy etrapdaky 2-nji sport mekdebiniň binýadynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector