YKDYSADYÝET

Halaçda ýene üç geňeşligiň ilatyna tebigy gaz çekiler

«Halaçetrapgaz» gaz hojalygy tarapyndan tebigy gaz bilen üpjün edilýän hojalyklaryň sany 15 müňden geçýär. Ýaşaýjylary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmekde «Halaçetrapgaz» gaz hojalygynyň dürli hünär taýýarlykly 110-dan gowrak işgärleri zähmet çekýär. Olar dürli basyşdaky uzynlygy 803 km bolan gaz geçiriji ulgamlara, şeýle hem 404 sany gaz paýlaýjy we sazlaýjy desgalara gözegçilik edýärler.

Ýakyn wagtda etrabyň üç sany geňeşliginiň täze ilatly nokatlaryny gazlaşdyrmak boýunça işleriň dowam etmegi netijesinde tebigy gazdan peýdalanýan öý hojalyklarynyň sany has hem artar.

Şu ýylyň alty aýynda etrapda gurlan gaz geçirijileriň umumy uzynlygy 5 müň 435 metre barabar. Geçen döwürde işleriň aglaba bölegi Surh geňeşliginiň çäginde geçirildi. Häzirki wagtda gurluşykçylar tarapyndan iki kilometr töweregi aralykda degişli işleri ýerine ýetirdiler.

Bu taslamany durmuşa geçirmekde «Türkmengazüpjünçilik» Birleşiginiň Lebap welaýat bölüminiň gurluşykçylary zähmet çekýär. Bu işleri olar Esenmeňli etrap geňeşliginde hem alyp barýarlar. Bu ýerde gurlan gaz geçirijiniň uzynlygy bu günki gün bir kilometre ýetýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: