JEMGYÝET

Halaçda ýene-de bir tegelek haly dokalýar

Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynda eýýäm ikinji tegelek halyny dokamak işleri alnyp barylýar. Bu täsin haly kärhananyň birinji önümhanasynda dokalýar.
Halaçly halyçylar tegelek halylary dokamak tejribesine geçen ýyl girişdiler. Diametri 7×7 metr bolan täze haly ozalky halydan nagyşlary we beýleki bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.
Ýeri gelende aýtsak, mundan alty aý ozal bu kärhana degişli birinji önümhananyň durky täzelendi. Bu işi «Altyn gum» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary ýokary hil derejesinde amala aşyrdylar. 1000 ineödördül metrden gowrak meýdany eýeleýän önümhanada şertler has-da gowulandyrylypdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply