TÜRKMENISTAN HABARLARY

Halaçda we Saýatda jemi 22 müň tonnalyk dökün ammarlary gurlar

«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, 2026-njy ýylda Lebap welaýatynda mineral dökünleri saklamaga niýetlenen täze ammarlar gurlar. Meýilnama görä, Halaç etrabynda 10 müň tonna, Saýat etrabynda bolsa 12 müň tonna mineral dökün saklamaga niýetlenen ammarlar gurlup ulanylmaga berler.
Maksatnamada Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň düzüminde ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürmäge niýetlenen toplumyň gurluşygynyň dowam etdiriljekdigi hem görkezilýär. Bu işler welaýatda oba hojalygy üçin zerur mineral dökünleriň üpjünçiligini gowulandyrmaga gönükdirilendir.