Halaç etrabynyň Çohpetde şäherçesiniň ýaşaýjylary Jora bilen Gülzar Mönniýewleriň maşgalasynda üçemleriň dünýä inmegi olara söz bilen beýan ederden has üýtgeşik duýgulary bagyşlady. Olar ata-ene bolmak bagtyna üç esse uly şatlyk bilen ýetiren üçem perzentlerine uluja ogly Durmuşyň adyna we ajaýyp döwrümiziň ösüş-özgerişli badyna kybap getirip, Guwanç, Begenç we Rowaç diýip at dakdylar. Atlary ýagşy umyt-arzuwlara beslenen üçemler diňe bir ata-enesiniň däl, ähli kowum-garyndaşlarynyň hem durmuşyna süýjülik, mähribanlyk eçildi.
Durmuşlaryndaky şatlykly waka bilen bu ýaş maşgalany gutlanymyzda, Jora bilen Gülzar ikisiniňem ogul perzendiniň boljakdygy barada pikir ýüwürdendigini, ýöne Joranyň öz ýanyndan oňa Guwanç, Gülzaryň Begenç, uluja ogly Durmuşyň bolsa jigisine Rowaç adyny dakmagy arzuw edendiklerini ýaňzytdylar. Ykbalyň nesibesi bilen olaryň üçüsiniňem ýürek arzuwynyň hasyl
bolandygyna şatlyklarynyň çägi ýok.
Welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany Mähri Seýidowanyň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda ekiz we üçem çagalaryň köp dogulmagy eneleriň saglygy hakynda edilýän aladalaryň oňyn netijesidir.
Ýurdumyzda sagdyn nesilleriň kemala gelmegi üçin eneleriň sagdyn bolmagyny gazanmak ugrunda iri halkara guramalary bilen bilelikde birnäçe maksatnamalara laýyklykda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işler bolsa saglygy goraýyş işgärlerine eneleriň saglygyny goramak boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmäge mümkinçilik berýär, şeýle-de zenan maşgalalara önelge hukuklaryny durmuşa geçirmäge ýardam berýär.
Halaçda üçem perzent dünýä indi

11
Jun