MEDENIÝET

Halaçda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabara geçirildi

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat we Halaç etrap bölümleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň etrapdaky edaralarynyň guramagynda geçirilen çärä halyçy gelin-gyzlar gatnaşdylar.
Dabarada türkmeniň gadymy üme dessurlary görkezildi, aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem sungat ýoluna täze gadam basan ýaş halyçylaryň el işleriniň sergisi guraldy. Çäräniň dowamynda önümçilikde tapawutlanan halyçy gelin-gyzlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.