Halaç etrap medeniýet öýünde «Arkadag şäheri ― geljegiň şäheri» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu maslahat ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berlen Arkadag şäherine bagyşlanýar.
Maslahatda çykyş edenler döwlet ähmiýetli täze şäheriň Garaşsyzlyk taryhynda uly sahypadygyny aýratyn nygtap, munuň uly öňegidişlikdigini bellediler.
Dabarada etrabyň sungat ussatlary we «Akdere» folklor-tans topary hem çykyş etdi.