YKDYSADYÝET

Halaçda täze haly önümhanasy gurlar

2026-njy ýylda Halaç etrabynyň Ajy obasynda täze haly önümhanasynyň gurluşygyna maýa goýumlar gönükdiriler. Bu barada «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» bellenilýär. Maksatnama laýyklykda, ýurdumyzyň söwda-üpjünçilik ulgamyny ösdürmek, haryt öndürijileri goldamak hem-de içerki bazary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylar.
Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň täze önümhanasynyň gurulmagy milli halyçylyk sungatyny ösdürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge hem-de eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hyzmat eder. Munuň özi ýurdumyzyň gadymy halyçylyk däplerini döwrebap önümçilik bilen utgaşdyryp, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge şert döreder. Şeýlelikde, Halaç etrabynda amala aşyryljak bu taslama sebitleriň ykdysady kuwwatyny berkitmäge we milli mirasymyzy dünýä ýaýratmaga möhüm goşant goşar.