Halaçda okuwçy gyzlaryň halyçylar bilen duşuşygy guraldy
Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynda etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synplarynda okaýan okuwçy gyzlar bilen geçirilen duşuşyk etrap bilim bölümi tarapyndan ýaşlary hünäre ugrukdyrmak babatyndaky toplumlaýyn işleriň bir bölegi boldy.
Duşuşyga kärhananyň Şa serpaýlaryna mynasyp bolan halyçylarynyň gatnaşmaklary onuň täsirini has-da artdyrdy. Öz işine ezber halyçylar ene-mamalarymyzdan gelen bu gadymy senet we onuň inçelikleri barada gürrüň berdiler.
Haly dokamagy başarýan käbir okuwçy gyzlaryň ussatlar bilen bilelikde dokma enjamynyň
başyna geçmegi we olar bilen sazlaşykly işlemekleri hem diýseň täsirli boldy. Geçirilen
gürrüňdeşlikde gyzlaryň aglabasy öz maşgalalarynda halyçylaryň bardygyny aýdyp, özleriniň
hem bu käri dowam etdirmegi maksat edinýändiklerini nygtady. Gadymyýetden gelýän bu arzyly käriň eýeleri bolsa okuwçylara maksatlarynyň myrat tapmagyny arzuw etdiler.