Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap
welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramagynda etrabynyň orta
mekdepleriniň 5—10 synp okuwçy gyzlarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi
geçirildi.
«Meniň dilim, seniň eliň hünäri nusga bolup galsyn ilden illere» diýen at bilen
geçirilen bu bäsleşikde okuwçy gyzlar türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny,
medeni gymmatlyklarymyzy, milli sungatymyzyň aýratynlyklaryny
şöhlelendirýän milli el işlerini ýerine ýetirmek boýunça özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça Halaç etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň okuwçysy
Jahan Jumadurdyýewa birinji, etrabyň 26-njy orta mekdebiniň okuwçysy Ülker Şöhradowa ikinji, etrabyň 13-nji orta mekdebiniň okuwçysy Uzuk Wepaýewa üçünji baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Halaçda okuwçy gyzlaryň arasynda bäsleşik geçirildi

13
Nov