JEMGYÝET

Halaçda küşt ýaryşy geçirildi

Halaç etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde etrapdaky edara-kärhanalaryň işgärleriniň we ýaşaýjylarynyň arasynda küşt ýaryşy geçirildi.

Erkekleriň arasynda etrabyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryşa dürli kärde zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar.

Ýaryşyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň etrap şahamçasynyň işgäri Penji Taňryberdiýew, 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Welmyrat Baýramow, «Amyderýa» suw desgasynyň tehnigi Tohta Rahmanow ýokary netijelere eýe bolup, degişlilikde birinji, ikinji, üçünji baýrakly orunlary eýelediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: