«Döwletli-Döwran» hojalyk jemgyýetiniň Halaç etrabynda ýerleşýän keramiki bezeg önümlerini öndürýän kärhanasynda bezeg kerpiçleriniň 10 görnüşi, uly göwrümli termoblok kerpiçleri, plitalaryň ýere ýazylýan syrçalanylmadyk hem-de bezeg üçin diwar örtüji syrçalanylan görnüşleri taýýarlanylýar.
Kärhana her gije-gündizde, ortaça, 525 tonna, ýylyň dowamynda bolsa 192 müň tonna çig mal gaýtadan işlenilip, ýyllyk önümçilik kuwwaty 80 million şertli keramiki önümleri öndürmäge niýetlenilendir.
Hususy önümçilikde 190-a golaý işçi-hünärmen zähmet çekýär.
Halaçda keramiki kerpiçleriň 10 görnüşi öndürilýär
02
Oct
