MEDENIÝET

Halaçda dokalan täze haly döwlet bäsleşigine hödürlenildi

Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary ýakynda dokalyp kesilen balykgaryn gölli ak halyny Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine hödürlediler. Bu barada welaýat neşiri habar berýär.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilen Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli lebaply halyçylaryň üçüsi «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň eýesi boldy. Olar Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary Saparaý Jomartowa, Mähri Annamyradowa we Çemen Rozyýewadyr.
Dşwlet bäsleşigine hödürlenen täze halyny dokan ussatlaryň arasynda bu adyň eýelerinden Saparbaý Jomartowa hem bar.