YKDYSADYÝET

Halaçda dokalan halylar 3 müň inedördül metrden geçdi

Türkmenistanda iň iri halyçylyk kärhanalarynyň biri bolan «Türkmenhaly» döwlet
birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda 2025-nji ýylyň 9 aýynda 3 müň 119 inedördül metr haly dokaldy.
Habarda bellenilişi ýaly, geçen ýyl bilen deňeşdirilende ösüş depgini 144 göterime barabar bolupdyr. Kärhanada yzygiderli gözlegleriň dowam edýändigini hem aýdyp geçmek bolar. Bu ýerde adaty ölçegdäki halylar bilen birlikde ýörite buýurmalar esasynda täze nusgadaky göller çitilen äpet halylar, binalaryň ölçeglerine görä tegelek, trapesiýa görnüşdäki halylar dokalýar.
Şeýle hem kärhanada horjun, zenanlaryň ýantorbasy, gapylyklar we beýleki dürli görnüşli sowgatlyk haly we haly önümleri hem dokalyp alyjylara hödürlenýär.