Halaçda çagalar üçin gülki agşamy geçirildi
Halaç etrabyndaky 2-nji çagalar bagynda «Çaga gülküsi — bagtyýarlykdan nyşan» ady bilen geçirilen gülki agşamy hem körpelere şatlyk paýlady.
Halaç etrap medeniýet bölüminiň wäşileriniň gatnaşmaklarynda geçirilen bu çäre çagalarda we olaryň ene-atalarynda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.
Çagalar bagynda «Sport saglykdyr!», «Geliň, surat çekeliň!» ady bilen her hepdede gyzykly bäsleşikleri hem geçirilip durulýar. Bu bolsa çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmeklerine we olaryň beden taýdan sagdyn bolmaklaryna itergi berýär.