YKDYSADYÝET

Halaçda 4,1 müň tonna nah ýüplük öndürildi

Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah ýüplük egriji fabriginde
geçen ýylda hem fabrigimizde jemi 4 müň 110 tonna nah ýüplügi öndürilip, 105
million 138 müň 862 manatlyk iş edildi. Taýýar önümleriň 1 müň 850 tonnasy bolsa Türkiýe, Russiýa Federasiýasy, Özbegistan, Ermenistan ýaly ýurtlara eksport edildi.
Bu fabrik 2005-nji ýylyň maý aýynda açylyp, şondan bäri hem doly güýjünde işläp gelýär. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil dokma enjamlary bilen birkemsiz enjamlaşdyrylan bu kuwwatly kärhanada, esasan-da, nah ýüplükleriň 14-lik, 17-lik, 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleri öndürilýär.