MEDENIÝET

Halaç etrabynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabara geçirildi

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Çohpetde oba medeniýet öýünde «Bedewim — uçar ganatym» atly dabara geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäräni etrap medeniýet bölümi gurady.

Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, medeniýet işgärleri, etrabyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhraty, Türkmenistanda olaryň tohum arassalygyny saklamak boýunça alnyp barylýan işler, atlaryň halk döredijiliginiň eserlerinde we ýazyjylaryň hem-de şahyrlaryň döredijiliginde beýan edilişi barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Soňra «Lebap gülleri» aýdym we tans topary, ýaş bagşy-sazandalar çykyş etdiler.

Şonuň ýaly-da, kitap we ýaş suratkeşleriň eserleriniň sergisi guraldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: